Russiýada Milli Ýas Yglan Edildi
Milli ýas sebäpli Russiýanyň Stambuldaky Baş konsullygynda hem baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.
Russiýanyň paýtagty Moskwada kosert zalynda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin 24-nji martda 1 günlük milli ýas yglan edildi.
Milli ýas sebäpli Russiýanyň Stambuldaky Baş konsullygynda hem baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.
Russiýanyň paýtagty Moskwada Krokus konsert zalynda 22-nji martda ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.
Konsert zalyna giren hüjümçileriň çem gelen ýere od açmagy we konsert zalynyň üçeginiň ýanandygy sebäpli 133 adam ýogalypdy, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdy.
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, halka ýüzlenip eden çykyşynda “24-nji marty ýurduň çar tarapynda milli ýas hökmünde yglan edýärin” diýipdi.
Milli ýasyň yglan edilmeginden soň Russiýanyň Stambul şäheriniň Garaşsyzlyk köçesinde ýerleşýän Baş konsullygynda hem baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.
Hüjüm sebäpli Russiýanyň Baş konsullugynyň öňünde gül desseleri we oýunjak goýuldy.
Degişli Habarlar
“Polşa Ýadro Ýaraglarynyň Ornaşdyrylmagyna Taýar”
Prezident Duda, 22-nji aprelde ýurduna ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagyna taýardyklaryny aýdypdy.