Taýmys Meýdanynda Tarawa Namazy Okaldy

Taýmys meýdanynda bir ýere jemlenşen musulmanlar, remezan aýynyň ilkinji tarawa namazyny okady.

2113652
Taýmys Meýdanynda Tarawa Namazy Okaldy
times ramazan teravih.jpg

ABŞ-nyň iň uly şäheri Nýu-Ýorkyň esasy simwollaryndan biri bolan Taýmys meýdanynda bir ýere jemlenşen musulmanlar, remezan aýynyň ilkinji tarawa namazyny okady.

ABŞ-da ýaşaýan millionlarça musulman, remezan aýynyň başlamagy bilen birlikde tarawa namazy üçin ýaşaýan etrapçalaryndaky metjitlerde bir ýere jemlenişdi.

Nýu-Ýorkyň esasy simwollaryndan biri bolan Taýmys meýdanynda bir ýere jemlenşen müňlerçe musulman ilkinji tarawa namazyny okady. Namazdan soň Gaza üçin doga edildi.

Paýtagt Waşigtondan ýarym sagatlyk alysda ýerleşýän Amerikanyň Din işleri guramasynyň merkezinde hem ilkinji tarawa namazy okaldy.

Namazdan soň Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Gazanyň halkynyň başda durmagynda ähli musulmanlar üçin doga edildi.

 

 


Etiketkalar: #remezan , #tarawa namazy , #ABŞ

Degişli Habarlar