Germaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy

Söndürilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär

2110675
Germaniýada garrylar öýünde ýangyn boldy

Germaniýanyň Demirgazyk Reýn Westfaliýa welaýatynda garrylary öýüniň birinde bolan ýangynda 4 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy. 

Polisiýa gullugynyň beren beýanatyna görä, 13 müň ilatly Bedburg-Hau etrapçasyndaky garrylar öýünde ýerli wagt bilen sagat 03:50-de ýangyn başlady. 

Wakanyň bolan ýerine gelip, ýangyny söndürmäge başlan ýangyn söndürijileriň biri ýaralanyp hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Halas ediş toparlar tarapyndan 46 adam garrylar öýünden ewakuasiýa edildi. Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy, 23 adam ýaralandy. 

Söndürilen ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy derňelýär. 



Degişli Habarlar