Bolgariýa Russiýanyň 2 raýatyna gadagançylyk girizdi

Bolgariýa sentýabr aýynda hem şoňa meňzeş sebäpler bilen Sofiýa şäherindäki rus buthanasynda iş alyp barýan 1 rus we 2 belarus raýatyny ýurtdan çykarypdy

2107890
Bolgariýa Russiýanyň 2 raýatyna gadagançylyk girizdi

Bolgariýanyň Döwlet milli howpsuzlyk agentligi (DANS) içalylyk günäkärlemesi bilen Russiýanyň raýaty bolan 2 adama ýurda we Ýewropa Bileleşigine agza beýleki ýurtlaryň ählisine girmegini gadagan etdi. 

DANS tarapyndan berilen beýanatda, rus raýatlary Wladimir Nikolaýewiç Goroçkin (40) we Tatýana Anatoliýewna Goroçkinanyň (38) Bolgariýa we Ýewropa Bileleşigine agza beýleki ýurtlara girmekleri 5 ýyllygyna gadagan edilendigi habar berildi. 

Beýanatda Rus Daşary razwedka gullugynyň işgärleridigi öňe sürülen Goroçkin we Goroçkinanyň milli howpsuzlyga wehim salýandygy mälim edildi. 

Ady agzalan rus raýatlaryň birnäçe wagt Bolgariýada ýaşandyklary we Bolgariýanyň raýatlygyna almaga synanyşandyklary bellenen beýanatda, Bolgariýanyň resminamalaryny ulanyp, tapawutly Ýewropa ýurtlarynda içalylyk edendikleri we Russiýa üçin razwedka maglumatlary almagy maksat edinendikleri öňe sürüldi. 

Bolgariýa sentýabr aýynda hem şoňa meňzeş sebäpler bilen Sofiýa şäherindäki rus buthanasynda iş alyp barýan 1 rus we 2 belarus raýatyny ýurtdan çykarypdy. 


Etiketkalar: #içaly , #Russiýa , #rus , #Bolgariýa

Degişli Habarlar