Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne agzalygyny goldaýandygyny beýan etdi.

2105815
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar

Stoltenberg Gruziýanyň täze premýer-ministri İrakli Kabohidze bilen NATO-nuň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ýerleşýän karagähinde duşuşdy.

Stoltenberg NATO-nuň hyzmatdaşy bolan Gruziýanyň özygtyýarlylygyn we territorial bitewiligini goldaýandygyny nygtap, Russiýa tarapyndan basylyp alynan ýerlerde anneksiýa kararynyň kabul edilmesizdigini nygtady.

Gruziýa bilen NATO-nuň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşjakdyklaryny beýan eden Stoltenberg; “Gruziýanyň Ýewropa-Atlantik maşgalasyna doly agzalyga, demokratiýa we abadançylyga tarap hasam öňe gitmegini isleýäris” diýdi.

Bobahidze bolsa wezipä girişmeginden soň ilkinji daşary ýurt saparyny Brýussele, ÝB-ne we NATO guramasynyň ýurduny adybir “maşgala” goşulma ygtyýaryny beýan edýandigini aýtdy.

Ýurdunyň ýyllaryň dowamynda NATO-nuň öňbaşçylygyndaky missiýalara we operasiýalara gatnaşandygyny beýan eden Kobahidze, onuň öz goranyş ukyplarynyň NATO bilen utgaşdyrylmagyna goşant goşandygyny nygtady.

Kobahidze ýurdunyň 20 göteriminiň basylyp alynandygyny beýan edip, NATO we ýaranlaryna ýruduny hemişekisinden has güýçli goldamaklary üçin çagyryş etdi.

Gruziýanyň premýer-ministri öňňin bolsa ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatyndan jogapkär ýokary Wekili Žozep Borrell we ÝB Komissiýasynyň goňşuçylykdan we giňelmeden jogapkär agzasy Oliwer Werhelýi bilen duşuşypdy.

Gruziýa dekabr aýynda ÝB-ne agzalyga dalaşgär ýurt derejesini alypdy.



Degişli Habarlar