Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly Russiýa garşy bildirilýän reaksiýalar artýar

Ýewropada Gollandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar hem Nawalnyýnyň ýogalmagy sebäpli rus ilçilerini Daşary işler ministrligine çagyrypdylar

2105943
Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly Russiýa garşy bildirilýän reaksiýalar artýar

Italiýada Russiýanyň Rim şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Paramonow, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanada ýogalmagy bilen bagly Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

Italiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Wise-premýer we Daşary işler ministri Antonio Taýaninyň görkezmesine laýyklykda Russiýanyň Rim şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Paramonow Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanadaky pajygaly ölümi bilen baglanşykly ministrlige çagyryldy. Ilçi Alekseý Paramonowa syýasy işleri we korrupsiýa garşy göreş sebäpli tussag edilen we gaty agyr şertlerde tussaghanada saklanan Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen baglanşykly Italiýanyň ähli şertleriň aýdyňlaşdyrylmagyna garaşýandygy mälim edildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Azatlyk we demokratiýa ýaly ýüz öwrülmesiz gymmatlyklary goraýan Italiýa, beýleki ýewropaly hyzmatdaşlary bilen Russiýany, syýasy oppozisionerlere garşy kabul edilmesiz zulumyny bes etmegine, medeni we syýasy hukuklarda hiç hili çäklendirme bolmadan söz azatlygy hukugyny kepillik astyna almaga çagyrmaga dowam eder" diýip mälim edildi. 

Çehiýa hem Russiýanyň Praga şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Zmežewskiý Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly Daşary işler ministrligine çagyryldy. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Daniel Drake metbugata beren beýanatynda: "Ilçi Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly jikme-jikligi we rus resmileriň jesedi maşgalasyna gowşurmagyny ret etmegi bilen bagly ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin çagyryldy" diýip habar berildi. 

Ýewropada Gollandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar hem Nawalnyýnyň ýogalmagy sebäpli rus ilçilerini Daşary işler ministrligine çagyrypdylar. 

Russiýanyň Federal Tussaghana hyzmatlary 16-njy fewralda tussagly oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussaghanada ýogalandygyny we näme sebäpli ýogalandygynyň derňeljekdigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar