Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy dowam etdirýän hüjümlerinde 12 müň 660-y çaga, 8 müň 570-i zenan bolmak bilen azyndan 29 müň 195 palestinaly öldürildi, 69 müň 170 palestinaly bolsa ýaralandy

2105317
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň orta we günorta zolaklaryna garşy guran hüjümlerinde diňe düýn 60-dan gowrak palestinaly öldürildi. 

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugy tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň goşuny düýn gijeden bäri Gazanyň orta we günorta böleklerine hüjümlerini dowam etdirdi. 

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň orta zolagyndaky Deýr al-Belah şäheri bilen Nuseýrat bosgun düşelgesine guran howa hüjümlerinde azyndan 34 palestinaly ýogaldy. 

Gaza şäheriniň Zeýtun etrapçasyna guralan howa hüjümlerinde käbir binalaryň ýumrulmagy netijesinde köp sanda palestinaly ýogaldy we ýaralandy. 

Gaza şäheriniň Tel-al-Hewa, Şujaiýýe we As-Sabra etrapçalaryna toplar bilen hüjümelr guraldy. 

Beýleki tarapdan bolsa Ysraýylyň goşuny takmynan 1,4 million palestinalynyň sygynan Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherine-de howa hüjümlerini guramaga dowam etdi. 

Rafah şäheriniň gündogaryndaky Jenin etrapçasyna guralan hüjümlerde aralarynda çagalar hem bolan 8 adam ýogaldy, käbir adamlar hem ýaralandy. 

Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň Al-Mewasi etrabyna giren Ysraýylyň goşunynyň ýerlerinden sürgün edilen palestinalylara tanklar bilen guran hüjümlerinde 26 adam ýogaldy. 


Etiketkalar: #Rafah , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar