ABŞ, Nawalnyýyň Ýogalmagy Sebäpli Russiýa Sanksiýa Goýar

"“Döwlet Ýolbaşçysy Putin we onuň hökümeti, Jenap Nawalnyýyň ýogalmagyndan jogapkär"

2105115
ABŞ, Nawalnyýyň Ýogalmagy Sebäpli Russiýa Sanksiýa Goýar

ABŞ, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýyň tussaghanada ýogalmagyndan jogapkärdigi sebäpli rus hökümetine anna güni goşmaça sanksiýa goýjakdygyny habar berdi.

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jon Kirbi, metbugata beren beýannamasynda, Nawalnyýyň ýogalmagy bilen bagly mesele hakynda durup geçdi.

Russiýanyň dünýä bu meselede nähili ýüzlenme berendigine garamazdan Nawalnyýyň ýogalmagyndan jogapkärdigini nygtan Kirbi, “Döwlet Ýolbaşçysy Putin we onuň hökümeti, Jenap Nawalnyýyň ýogalmagyndan jogapkär. Bu meselede Prezident Baýdenyň tabşyrygy boýunça anna güni Russiýa garşy goşmaça sanksiýalar goýlar” diýdi.

 



Degişli Habarlar