Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy

Kuznetsow hüjümde biri çaga 6 adamyň ýogalandygyny, 17 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

2102927
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy

Russiýa, Ukrainanyň harby goşunynyň Belgorod şäherine guran hüjüminde 6 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Alekseý Kuznetsow, metbugata beren beýannamasynda, Ukrainanyň harby goşunynyň Belgorod şäherindäki azyk dükanyna hüjüm gurandygyny habar berdi.

Kuznetsow hüjümde biri çaga 6 adamyň ýogalandygyny, 17 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa mesele hakynda beren beýannamasynda “hüjümiň terrorçylykly aksiýadygyna” ünsi çekdi we bu meseläni BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bilen birlikde halkara guramalaryň gün tertibine getirjekdiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar