Zelenskiý, Amerikaly Senatorlara Sagbolsun Aýtdy

“Ýurdum üçin berilýän kömekleriň dowam etmegi üçin ses beren ähli senatorlara sagbolsun aýdýaryn"

2101894
Zelenskiý, Amerikaly Senatorlara Sagbolsun Aýtdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ukraina 60 milliard dollardan gowrak goranyş kömeginiň berilmegini tassyklan Amerikan Senadyna sagbolsun boldy.

Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ýurdum üçin berilýän kömekleriň dowam etmegi üçin ses beren ähli senatorlara sagbolsun aýdýaryn. Bu goldaw, Ukrainanyň garaşsyzlygy, demokratiýasy we gymmatlyklary taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Amerikan Senady, uzak dowam eden jedelleşiklerden soň Ukraina, Ysraýyla we Taýwana kömek berilmegini öz içine alýan jemi 95,3 milliard dollarlyk kömek bukjasyny tassyklady.

ABŞ, 2023-nji ýylda Ukraina 34 aýry bukja görnüşinde jemi 24 milliard dollarlyk goranyş kömegini beripdi.

 



Degişli Habarlar