BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady
BAE-niň habarlar agentligi WAM-yň X sosial media hasabyndan mesele bilen bagly beýanat berildi.
Dubaýyň uçýan taksi hyzmatyny bermäge başlan ilkinji şäher bolandygy bellenen beýanatda, uçarman we 4 ýolagça niýetelenen taksinyň nol zyňyndylydygy habar berildi.
Uçuşyň iň ýokary diapazonynyň 161 km, iň ýokary tizligiň hem sagatda 320 km bolan uçýan taksiniň, Dubaý halkara howa menziliniň golaýynda, şäheriň merkezindäki Downtownda, Dubaý Marinada we Palm Jumeirahda bolmak bilen jemi 4 aýry duralgasynyň boljakdygy mälim edildi.
Beýanatda Dubaý halkara howa menzili bilen Palm Jumeirahyň arasy 45 minut bolan ýolagçylygyň uçýan taksi bilen 10 minuda çenli azaljakdygy aýan edildi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.