Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 28 müň adamdan geçdi

Ysraýylyň halky mejbury ýagdaýda aç we suwsuz goýan Gaza zolagyna garşy dowam etdirýän hüjümlerinde öldüren palestinalylaryň sany 128 adam artyp, 28 müň 176 adama ýetdi

2100684
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 28 müň adamdan geçdi

Palestinanyň Gaza zolagyndaky Saglygy goraýyş ministrliginiň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 128 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda Gaza zolagynda 128 palestinalyny öldürendigi, şeýlelik bilen ölen palestinalylaryň sanynyň 28 müň 176 adama ýetendigi mälim edildi. 

Soňky hüjümlerde ýene-de 173 palestinalynyň ýaralanan Gaza zolagynda jemi ýaralanan palestinalylaryň sanynyň 67 müň 784 adama ýetendigi aýan edildi. 

Palestinanyň Gaza zolagyndaky Saglygy goraýyş ministrligi häzirki wagtda hem harabalyklaryň aşagynda we ýoluň gyralarynda ölen palestinalylaryň bardygyny, emma Ysraýylyň harby güýçleriniň böwet bolmagy sebäpli saglygy goraýyş işgärleri bilen raýat goranyş toparlarynyň şolary ýygnap bilmeýändigini beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar