Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen ýesir çalşygynyň çäginde iki tarapdan hem 100 esger boşadyldy.

2099828
Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan ýesir çalşygy hakynda habarnama berdi.

Habarnamada; “100 esgerimize öýlerine dolandy. Şu günki güne çenli 3,135 ukrain esgeri ruslardan halas edildi” diýilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada bolsa Ukraina bilen ýesir çalşygynyň edilendigi habar berildi. Gepleşikleriň netijesinde resmi Kiýewiň gözegçiligindäki territoriýadan 100 rus sgeriniň yzyna alynandygy nygtalyp; “Şonuň öwezinde Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 100 esgeri gowşuryldy. Rus esgerleri ministrlige degişli saglyk merkezlerinde bejergi almaklary üçin uçarlar bilen paýtagt Moskwa getiriler. Boşadylan esgerlere lukmançylyk we psihiki goldaw berilýär. Birleşen Arap Emirlikleri rus esgerleriniň boşadylmagynda töwellaçylyk etdi” diýilýär.

2 ýyldan bäri söweşýän iki ýurduň arasyndaky ýesir çalşygy soňky gezek 31-nji ýanwarda geçirilipdi we iki tarapdan hem 195 esger çalşylypdy.



Degişli Habarlar