Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Gün Saýyn Artýar

Ysraýylyň hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 27 müň 840, ýaralananlaryň sany bolsa 67 müň 317 adama ýetdi.

2099608
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Gün Saýyn Artýar

 

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 130 adam artyp 27 müň 840-a ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Eşref Al Kudra, 125 günden bäri dowam edýän hüjümler hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň soňky 24 sagatda Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde ýene-de 130 palestinalynyň öldürlendigi, 170 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 27 müň 840, ýaralananlaryň sany bolsa 67 müň 317 adama ýetdi.



Degişli Habarlar