Türkiýe, Terrora Garşy Göreşde Pakistana Goldaw Bermäge Dowam Eder
Pakistanyň Buluçistan sebitinde guralan bombaly hüjümlerde 28 adam ýogalypdy
Türkiýe, Pakistanyň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.
Daşary işler ministrligi, düýn Pakistanda guralan terrorçylykly hüjüm hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, “Pakistanyň Buluçistan sebitiniň iki etrabynda guralan terrorçylykly hüjümde 30-a golaý adamyň ýogalmagyna, köp sanly adamyň hem ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Doganlyk ýurt pakistanyň halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. Pakistanyň terrora garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.
Pakistanyň Buluçistan sebitinde şu gün geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda guralan bombaly hüjümlerde 28 adam ýogalypdy, 47 adam hem ýaralanypdy.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 251 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.
Floridada Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Ýagyş we sil, ştatdaky käbir ýollara we howa menzillerine uly zeper ýetirdi.