Gruziýada Ýer Süýşmesi Sebäpli 11 Adam Ýogaldy

Aşa köp ýagýan ýagyşlar ýeriň süýşmegine sebäp boldy.

2099615
Gruziýada Ýer Süýşmesi Sebäpli 11 Adam Ýogaldy

Gruziýada aşa köp ýagýan ýagyşlar ýeriň süýşmegine sebäp boldy.

Ýer süýşmesi sebäpli ýogalanlaryň sany 11 adama ýetdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada, Imereti we Ajara sebitlerinde aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli ýeriň süýşendigi nygtaldy.

Nergeeti obasynda apatdan soň gözleg we halas ediş toparynyň 9 adamyň jesedini çykarandygy nygtaldy.

Tsoniarisi we Tkhilwana obalarynda hem ýer süýşmesi sebäpli 2 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar