ABŞ, Yraga we Siriýa Howa Hüjümini Gurady

Siriýada we Yrakda Eýran tarapyndan goldanýan toparlara garşy azyndan 85 howa hüjümi guraldy

2096922
ABŞ, Yraga we Siriýa Howa Hüjümini Gurady

 

ABŞ, 28-nji ýanwarda Siriýa-Iordaniýa serhedindäki Amerikan harby bazasyna guralan hüjümden soň sebitde ilkinji gezek hüjüm gurady.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Siriýada we Yrakda Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyna tabynlykdaky toparlara garşy azyndan 85 howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Hüjümlerde ABŞ-dan uçan uzak aralykly bombadyman uçarlarynyň we 125-den gowrak bombanyň ulanylandygy bellenildi.

Hüjümlerde harby gözegçilik merkezleriniň uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen nyşana alynandygy ýatladyldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, hüjüm hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Eýran tarapyndan goldanýan Yrakda we Siriýada iş alyp barýan toparlara garşy islän ýerlerinde we islän wagtlary hüjüm guramaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda söweş islemeýändigini ýatladan Baýden, emma Amerikan esgerlerini nyşana alan hüjümlere berk gaýtawul görkezjekdiklerini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin hem, ABŞ-nyň Siriýa-Iordaniýa serhedindäki harby baza guralan hüjüme degişli gaýtawuly görkezmäge başlandyklaryny nygtap “Bu entek başlangyç” diýdi.

Yragyň günbatarynda şaýy söweşiji Haşdi Şabi toparyna degişli ýarag ammaryna hem ABŞ tarapyndan hüjüm guralandygy nygtaldy.

Yrakda iş alyp barýan Eýran tarapyndan goldanýan şaýy Nujebe hereketiniň “Telegramdan” beren habarnamasynda, Anwar welaýaýynyň Akkaşat etrabynda Haşdi Şaba degişli ýarag ammaryna ABŞ tarapyndan hüjüm guralandygy bellenildi.

Habarnamada, hüjümde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada maglumat berilmedi.

Siriýa-Iordaniýa serhedindäki Amerikan harby baza guralan hüjümde Amerikaly 3 esger ýogalypdy, 40-dan gowrak esger hem ýaralanypdy.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #howa hüjümi , #Siriýa , #Yrak

Degişli Habarlar