ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogarda Saparda Bolar

Blinken, hepdäniň ahyrynda ýene-de bir gezek Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurar.

2096121
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogarda Saparda Bolar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, hepdäniň ahyrynda ýene-de bir gezek Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurar.

Ak Tam bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Blinkeniň sebite gurajak sapary hakynda beýannama berdi.

Beýannama görä, Döwlet sekretary Blinkeniň, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparynyň çäginde Gaza ynsanper kömeginiň ýetirilmegi, çaknyşyklaryň bes edilmegi we gurulmagy ähtimal garaşsyz Palestina döwletiniň ykrar edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm gurapdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

7-nji oktýabrda bäri dowam edýän çaknyşyklarda çagalar we zenanlar bilen birlikde 27 müň palestinaly ýogaldy.

 



Degişli Habarlar