ABŞ-da howa menzilinde angar çökdi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatyndaky howa menzilleriniň birinde gurluşygy dowam edýän angaryň çökmegi netijesidne 3 adam ýogaldy

2096347
ABŞ-da howa menzilinde angar çökdi

Boýse şäheriniň dolanşygyndan berilen ýazmaça beýanatda, düýn agşam şäherdäki howa menzilinde hususy bir kärhana tarapyndan gurulýan we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän angaryň çökendigi barada maglumatyň alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda wakada 3 adamyň ýogalandygy, 9 adamyň bolsa ýaralanandygy, ýaralanan 5 adamyň saglyk ýagdaýlarynyň tankydygy aýan edildi. 

Boýse şäheriniň Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Aaron Hummel geçiren metbugat ýygnagynda, polat angaryň çökendigini, resmileriň wakanyň sebäbini derňeýändigini habar berdi. 


Etiketkalar: #angar , #howa menzili , #ABŞ

Degişli Habarlar