Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan Ýemendäki Husilere garşy Beýik Britaniýa bilen bilelikde täze hüjümler başladan ABŞ-na söweşiň geriminiň giňeljekdigi barada duýduryş berýän ýüzlenme ugratdy

2092272
Eýran ABŞ-na ýüzlenme berdi

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Gazadaky ýagdaý bilen baglanşykly şu gün geçirmegi meýilleşdiren maslahata gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka giden Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan sebitdäki wakalar barada beýannama berdi. 

ABŞ-nyň Beýik Britaniýa bilen birlikde Ýemendäki Husilere garşy guraýan howa hüjümleriniň üstünde durup geçen eýranly ministr: "ABŞ-na we Beýik Britaniýa sebitde parahatçylyga we howpsuzlyga wehim salýan hüjümleriň söweşiň gerimini giňeltjekdigi barada ýüzlenme we berk duýduryş berdik" diýip habar berdi. 

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husiler Aden aýlagynda ABŞ-ne degişli ýük gämisini gämä garşy raketalar bilen nyşana alandyklaryny, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň harby güýçleriniň bolsa ýurduň paýtagty Sana şäherine howa hüjümlerini gurandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar