ABŞ-da sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

ABŞ-nyň ençeme ştatynda soňky 1 hepdede başdan egçirilen sowuk howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 92 adama ýetdi

2091850
ABŞ-da sowuk howa sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

CBS News kanaly tarapyndan berilen habara görä, ýurdy geçen hepde täsiri astyna alan we bu hepde hem dowam etmegine garaşylýan sowuk howa tolkuny sebäpli ýogalanlaryň sany 92 adama ýetdi. 

Tennessi ştatynyň Saglygy goraýyş departamentinden berilen maglumata görä ştatda sowuk howa sebäpli 25 adam ýogaldy. 

Oregon ştatynda 16 adam ýogalan bolsa, Illinoýs, Pensilwaniýa, Missisipi, Waşington, Kentukki, Wiskonsin, Nýu-Yorko, Nýu Jersi ýaly ştatlarda hem sowuk howa sebäpli ýogalan adamlaryň bardygy habar ebrildi. 

Beýleki tarapdan meteorologiýa edarasynyň hünärmenleri sowuk howanyň bu hepde hem täsirini dowam etdirjekdigini belläp, esasan hem ýollarda gara we buza garşy hüşgär bolmak barada duýduryş berýärler. 


Etiketkalar: #howa , #sowuk , #ABŞ

Degişli Habarlar