ABŞ-da sowuk howa tolkuny başdan geçirilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň käbir ştatlarynda täsirli bolan sowuk howa tolkuny sebäpli soňky 6 günde 21 adam ýogaldy

2090209
ABŞ-da sowuk howa tolkuny başdan geçirilýär

Garly ýagyş we sowuk howa tolkuny sebäpli 12-nji ýanwardan bäri Tennessi, Nýu-York, Arkanzas, Kanzas, Oregon we Missisipi ştatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 21 adama ýetendigi habar berildi. 

Tennessi ştatynda Saglygy gorayş edarasy we ýerli resmiler tarapyndan 7 adamyň ýogalandygy, beýleki 5 welaýatda bolsa 14 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Meteorologiýa gullugy Nýu-Ýorkyň Kanada serhedindäki Buffalo şäheriniň töwereginde 75 sm gowrak garyň ýagandygyny, ulag bilen syýahatçylygyň mümkin däldigi, gar gatyşan ýeliň tizliginiň bolsa sagatda 65 km çenli ýetendigi aýan edildi. 

Ýurduň merkezi sebitlerinde sowuk howa tolkunynyň anna gününe çenli howply derejä ýetjekdigi we doňaklyk howpunyň artjakdygy mälim edildi. 

Uçar gatnawlaryna gözegçilik edýän FlightAware saýtyna görä ABŞ-da şu gün 1090 uçar sapary goý bolsun edildi, 4 müň 221 uçar saparynyň bolsa yza süýşürilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #sowuk howa , #ABŞ

Degişli Habarlar