Ysraýylyň Gaza garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 126 palestinaly ýogalyp, jemi ýogalan palestinalylaryň sany 23 müň 210 adama ýetdi

2086394
Ysraýylyň Gaza garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy 95 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 126 palestinalynyň öldürilendigi we 241 palestinalynyň ýaralanandygy bellenen beýanatda, tiz kömek ulaglarynyň baryp bilmeýän, ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda başgada adamlaryň bardygy mälim edildi. 

Ysraýylyň harby güýçleriniň soňky 24 sagatda ýene-de 12 gyrgynçylyk edendigi nygtalan beýanatda, 7-nji oktýabrdan bäri guralan hüjümlerde öldürilen palestinalylaryň sanynyň 23 müň 210 adama, ýaralanan palestinalylaryň sanynyň bolsa 59 müň 167 adama ýetendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #palestinaly , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar