Italiýada ýaramaz howa şertleri sebäpli duýduryş berildi
Italiýada ýaramaz howa şertleri sebäpli 2 adam ýogaldy
2086043
Italiýanyň 8 aýry sebitinde ýaramaz howa şertleriniň sebäp bolup biljek howplara garşy "Sary" derejede duýduryş berildi.
Italiýanyň ANSA agentliginiň habaryna görä Raýat goranyş edarasy ýurtda täsirli bolan aşa güýçli şemalyň we garly ýagyşyň sebäp bolup biljek howply howa şertlerine taýarlykly bolmagyň zerurdygy belledi.
Edara ýurduň Abrussi, Bazilikata, Kalabriýa, Kampaniýa, Emiliýa-Romanýa, Molize, Sardiniýa we Sisiliýa sebitleri üçin "Sary" derejede duýduryş berdi.
Ýurtda ýaramaz howa şertleri sebäpli 2 adam ýogaldy.
Degişli Habarlar
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi ýazmaça beýannama berdi.