Ýaponiýada Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ýaponiýada bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 161 adama ýetdi.
Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa sebitinde we şol sebitde ýerleşýän Noto Ýarymadasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 161 adama ýetdi.
NHK-niň berýän habaryna görä, Işikawanyň ýolbaşçylary, ýanwar aýynyň başynda bolan ýer titremesi hakynda beýannama berdi.
Ýolbaşçylar, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 161 adama ýetendigini, 103 adamdan bolsa hiç hili habaryň ýokdygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan ýolbaşçylar, ýer titremesiniň başdan geçirlen sebitinde dowam edýän gar sebäpli halka ünsli bolmaklary üçin duýduryş berdi.
Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa sebitinde we şol sebitde ýerleşýän Noto Ýarymadasynda 1-nji-2-nji-3-nji we 4-nji ýanwarda 4,7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi bolupdy.
Degişli Habarlar
Günbataryň Ýaraglary Russiýadaky Pozisiýalary Urmak Üçin Ulanylmaly Däl
Bu barasynda Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols beýannama berdi.