ABŞ-nyň Ukrainany "Patriot" howa goranyş ulgamlaryny üpjün etmekde kynçylyk çekjekdigi öňe sürüldi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) ýakyn wagtda Ukrainany "Patriot" howa goranyş ulgamlaryny üpjün etmekde kynçylyk çekjekdigi öňe sürüldi

2085322
ABŞ-nyň Ukrainany "Patriot" howa goranyş ulgamlaryny üpjün etmekde kynçylyk çekjekdigi öňe sürüldi

New York Times gazedi tarapyndan berilen habarda ABŞ-ly resmileriň Ukraina berilmegi meýilleşdirilen howa goranyş ulgamlary bilen bagly beýanatlarynyň üstünde durulyp geçildi. 

Habarda Ak Tamyň we Pentagonyň resmileriniň ýakyn wagtda Ukraina "Patriot" howa goranyş ulgamlaryny üpjün etmekde kynçylyk çekjekdigi barada duýduryş berendikleri aýan edildi. 

Ukrainanyň howa goranyşy üçin tankydy ähmiýete eýe bolan Patriot ulgamlarynyň her biriniň gymmadynyň 2 bilen 4 million dollar aralygynda üýtgeýär. 

Ukrainanyň howa goranyş ýaraglarynyň arasynda diňe Patriot ballistik raketalara garşy goramak mümkinçiligine eýedir. 


Etiketkalar: #Patriot , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar