Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy

Eýranyň Kirman welaýatynda Kasym Süleýmaniniň guburynyň ýerleşýän gonamçylygyň golaýynda düýn bolan 2 aýry partlamada ýogalanlaryň sany 84 adam boldy

2084362
Eýrandaky terrorçylykly hüjümde 84 adam ýogaldy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä terrorçylykly hüjümden soň Kirman welaýatyna baran ýurduň Içeri işler ministri Ahmed Wahidi waka bilen bagly beýannama berdi. 

Partlamadan soň ilki bilen 103 adamdygy aýan edilen, soň bolsa 95 hökmünde beýan edilen ýogalan adamlaryň sanynyň üstünde durup geçen Ahmed Wahidi, kazyýet lukmançylyk edarasynyň berýän maglumatyna görä 84 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Partlamalarda 284 adamyň ýaralanandygyny aýdan Wahidi, şol adamlaryň bir böleginiň bejergi edilip öýlerine ugradylandygyny we häzirki wagtda 220 adamyň hassahanalarda bejergi edilýändigini mälim etdi. 

Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýjüniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde guran hüjüminde öldürilmeginiň 4-nji ýyly mynasybetli hatyralama çäresiniň geçirilýän gonamçylyga barýan ýoluň ugrunda 2 aýry partlama bolupdy. 

Beýleki tarapdan Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bombaly terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly BMG-nyň çäginde hukuk we syýasy başlangyçlar başladandyklaryny habar berdi. 

Eýranyň BMG-nyň Hemişelik wekilligi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine hüjümi ýazgarmagy barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar