Ýaponiýadaky ýer titremede 30 adam ýogaldy

Isikawa welaýatynyň gubernatorlygy ýer titremeleriň netijesinde 30 adamyň ýogalandygyny habar berdi

2082952
Ýaponiýadaky ýer titremede 30 adam ýogaldy
japonya deprem1.jpg
japonya deprem.jpg

Ýaponiýanyň günbataryndaky Isikawa welaýatynda we şol sebitdäki Noto ýarymadasynyň kenarýakasynda we onuň çägindäki suw giňişliginde düýn başdan geçirilen ýer titremede ýogalanlaryň sany 30 adama ýetdi. 

Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň (JMA) berýän habaryna görä düýn ýurduň günbataryndaky Isikawanyň Noto ýarymdasynda we onuň çägindäki suw giňişliginde ululygy 5 bilen 7 bal aralygynda üýtgeýän köp sanda ýer titreme boldy. 

JMA Isikawa kenarýakasy bilen birlikde umumy sebitde sunami duýduryşynyň aýrylandygyny habar berdi. 

Ýer titremäniň netijesinde gara ýollaryň käbirleriniň çökendigi, Noto ýarymdasyndaky Wažima şäherinde ýüze çykan ýangynda golaýdaky 200-e golaý bina zeper ýetendigi mälim edildi. 

Isikawa welaýatynyň gubernatorlygy ýer titremeleriň netijesinde 30 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Sebit derejesinde 50 müňe golaý adamyň howpsuz ýerlere ewakuasiýa edilendigi we tapawutly ýerlerde 14 adamyň ýumrulan öýleriň harabalyklarynyň aşagyndan halas edilmegi üçin iş alynyp barylýandygy aýan edildi. 

Welaýat derejesinde 19 saglygy goraýyş merkeziniň elektrik toklarynyň kesilendigi, marketleriň we dükanlaryň tekjelerindäki önümleriň boşandygy habar berildi. 

Premýer ministr Kisida Fumio merkezi hökümediň sebite gämiler bilen ynsanperwer kömek ýetirilmegi üçin taýarlyk görýändigini beýan etdi. 

Premýer ministr Kisida Fumio: "Wagtyň geçmegi bilen betbagtçylygyň täsiri has aýdyň bolýar. Adamlaryň janlaryny halas etmek wagtyň garşysyna ýaryşdyr" diýip belledi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar