Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde ýene-de 207 adam ýogaldy

2083228
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar

 

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza Sektoryna 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 207 adam artyp 22 müň 185 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza guran hüjümlerinde ýene-de 207 adamyň ýogalandygy, 338 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, 7-nji oktýabrda başlan hüjümlerde häzire çenli ýogalanlaryň palestinalylaryň sanynyň 22 müň 185, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 57 müň 35 adama ýetendigi bellenildi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

 



Degişli Habarlar