Putin GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda çykyş etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde Ýewraziýa materiginde howpsuzlygyň we asudalygyň goldanmagy babatynda umumy tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini beýan etdi

2081279
Putin GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynda çykyş etdi

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, GDA agza döwletleriň Baştutanlary Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde resmi däl duşuşyk geçirdiler. 

Putin ol ýerde eden çykyşynda, Russiýanyň 2024-nji ýylda GDA baştutanlyk etjekdigini we ýurdunyň çäreler bilen bagly takmynan 150 maddadan ybarat meýilnama taýarlandygyny habar berdi. 

Wladimir Putin: "Ýewraziýa materiginde howpsuzlygy we durnuklylygy goldamak we terrorçylyga we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe gaçgakçylygyna we korrupsiýa garşy bilelikdäki tagallalarymyzy dowam etdireris" diýip belledi. 

GDA agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösendigine ünsleri çeken Putin: "Geçen ýyl ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda mukdary durnukly ýagdaýda ösdi. Maglumatlara görä şu ýyl söwda kuwwady ýylyň ilkinji 10 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2 göterim artdy we 83,7 milliard dollara ýetdi. GDA hyzmatdaşlarymyz bilen milli walýutadaky töleglere geçmek ugrundaky işlerimizi dowam etdireris. Munuň döwletlerimiziň ykdysady we maliýe özygtyýarlylygyny has-da güýçlendirjekdigine ynanýarys" diýip aýtdy. 

Medeniýet ugrunda ösen gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Putin: "Russiýanyň ýolbaşçylyk etjek döwründe halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň goralmagy we güýçlendirilmegi, GDA-nyň çäginde dostlugyň we gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryň özgerdilmegi ileri tutýan ugrumyz bolar. Şol çäkde hem mümkin boldugyça ýakyndan işleşmekde tutanýerlidiris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #GDA , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar