Meksikadan 10 Müň Adam ABŞ-na Tarap Ugrady

Häzirlikçe 10 müňe golaý adamyň ýola çykandygy emma şol sanyň 15 müňe ýetip biljekdigi nygtaldy.

2081017
Meksikadan 10 Müň Adam ABŞ-na Tarap Ugrady

Meksikadan 10 müň adamlyk täze topar ABŞ-na gitmek üçin ýola çykdy.

Meksikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýurduň günortasyndan müňlerçe adam ABŞ-na tarap ugrady.

Häzirlikçe 10 müňe golaý adamyň ýola çykandygy emma şol sanyň 15 müňe ýetip biljekdigi nygtaldy.

24 ýurtdan ybarat bolan toparyň içinde 3 müňden gowrak 14 ýaşyna ýetmedik çagalaryň we göwreli aýallaryň bardygy nygtaldy.

Şeýle uly toparyň ABŞ-na barmagynyň uly kynçylyga sebäp boljakdygy aýdylýar.

Gelip gowşan habarlar sebäpli Meksika-ABŞ serhedine goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň ornaşdyryljakdygy ýatladyldy.

 

 


Etiketkalar: #serhet , #ABŞ , #Meksika

Degişli Habarlar