Ýaraly esgerler Netanýahu bilen duşuşmakdan ýüz öwürdiler

Ysraýylly käbir ýaralanan esgerleriň, ýurduň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Tel-Awiw şäheriniň golaýyndaky Sheba saglygy goraýyş merkezine eden zyýaratynda duşuşmakdan ýüz öwürendikleri habar berildi

2078818
Ýaraly esgerler Netanýahu bilen duşuşmakdan ýüz öwürdiler

Ysraýylyň Kanal 13 telewideniýe kanalyndan berilen maglumata görä, Netanýahu Gaza sektoryndaky gury ýer operasiýasynda ýaralanan esgerler bilen duşuşmak üçin, Sheba saglygy goraýyş merkeziniň dikeldiş bölümine baryp gördi. 

Ýaralanan esgerleriň käbirleri Netnýahu bilen duşuşmakdan ýüz öwürdi. 

Şol sebäpli goşunyň wekilleri we premýer ministrligiň resmileri, Netanýahu bilen duşuşmagy kabul eden ýaralanan esgerleri bölümiň aýtayn bir bölegine ýygnadylar. 

Beýleki tarapdan bolsa Premýer ministrlik ofisinden berilen beýanatda hem, Netanýahunyň Sheba saglygy goraýyş merkezine zyýarat edip, 7-nji oktýabrda ýaralanan asuda ilat we Gazadaky çaknyşyklarda ýaralanan esgerler bilen duşuşandygy mälim edildi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izzedin Al Kassam atly topar, Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda hüjüm gurapdy.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan hüjümlerinde azyndan 8 müňi çaga, 6 müň 200-i zenan bolmak bilen 19 müň 667 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň goşuny Gaza sektoryna garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 131-i gury ýer çaknyşyklarynda bolmak bilen jemi 463 esgeriniň öldürilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #esger , #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar