"Ysraýyl açlygy ýarag hökmünde ulanýar"

Adam hukuklaryny goraýyjy gurama çap eden täze habarnamasynda Ysraýyly söweş usuly hökmünde Gazadaky asuda ilaty aç goýmak bilen günäkärledi

2077822
"Ysraýyl açlygy ýarag hökmünde ulanýar"

Adam hukuklaryny goraýyjy guramanyň müdüri Ömer Şakir: "Ysraýyl eýýäm 2 aýdan gowrak wagt bäri Gazanyň halkyny azyk we suwdan mahrum edýär, bu ýokary derejeli ysraýylly resmileriň ýola goýan ýa-da goldaýan bir syýasat we bir söweş usuly hökmünde asuda ilaty aç goýmak isleýändigini görekzýär" diýip belledi. 

Habarnamada halkara hukuga görä asuda ilatyň ýaşamaga dowam edip bilmegi üçin, ýüz öwrülmesiz elementlerden mahrum goýmagyň harby jenaýatdygy ýatladyldy. 

Jenaýat niýetiniň agressoryň boýun almagyny talap etmeýändigi, ýöne ähli harby operasiýa şertlerinden göz ýetirip boljakdygy beýane dildi. 

Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassan topary 7-nji oktýabr güni irden, Ysraýylyň palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddesliklerine garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşylyk görkezmek maksady bilen giň gerimli hüjümler gurapdy, Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde Gaza sektoryna garşy howa hüjümlerini başladypdy. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde 19 müňe golaý palestinaly ýogaldy, 51 müňden gowrak adam bolsa ýaralandy. 



Degişli Habarlar