Meksikada Täze Ýyla Bagyşlanyp Geçirlen Çärede Guralan Hüjümde 12 Adam Ýogaldy

Hüjümde ýogalanlaryň esasy böleginiň ýaşlardan ybaratdygy bellenildi.

2077588
Meksikada Täze Ýyla Bagyşlanyp Geçirlen Çärede Guralan Hüjümde 12 Adam Ýogaldy

Meksikanyň Guanakhuato sebitinde täze ýyla bagyşlanyp ýekşenbe güni geçirlen Posadas atly baýramçylyk çäresinde guralan ýaragly hüjümde azyndan 12 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, ýaragly adamlaryň guran hüjüminde azyndan 12 adamyň ýogalandygy, ýaralananlaryň hassahanada bejergi astyna alynandygy nygtaldy.

Hüjümde ýogalanlaryň esasy böleginiň ýaşlardan ybaratdygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar