Ukrainaly Ozalky Halk Deputaty Russiýada Öldürildi

Ukrainaly ozalky halk deputaty Ilýa Kiwa, ýaragly hüjümde öldürildi.

2073595
Ukrainaly Ozalky Halk Deputaty Russiýada Öldürildi

 

Russiýada ýaşaýan ukrainaly ozalky halk deputaty Ilýa Kiwa, ýaragly hüjümde öldürildi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Kiwanyň Moskwanyň Suponewo obasynda öldürlendigi nygtaldy.

Beýannamada, “İlkinji kesgitlemelere görä, Supernewo obasyndaky seýilgähde şahsyýeti näbelli adam Kiwa od açdy. Kiwa, wakanyň başdan geçirlen ýerinde ýogaldy” diýildi.

Beýannamada, wakanyň jogapkärleriniň anyklanylmagy maksady bilen derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

1977-nji ýylda doglan Ilýa Kiwa, 2019-2022-nji ýyllaryň aralygynda Russiýanyň tarapdary bolan Durmuş üçin Oppozisiýa platformasyndan Ukrainanyň Parlamentinde halk deputaty hökmünde iş alyp bardy.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Ukrainany terk eden Kiwa, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskini tankyt edýärdi.

 



Degişli Habarlar