Gazada Çekilen Ýitgi Has Köp

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk syýastlary boýunça Ýokary wekilki Žozep Borrell Gazada çekilen ýitginiň has köpdügini beýan etdi.

2072591
Gazada Çekilen Ýitgi Has Köp

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we howpsuzlyk syýastlary boýunça Ýokary wekilki Žozep Borrell Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerini “gyrgynçylyk” hökmünde häsýetlendirip, asuda ilatdan çekilen adamlarynyň beýan edilenden has köpdügini aýtdy.

Belgiýanyň paýtagt Brýusselde geçirilen 25-nji Adam hukuklary maslagatynda çykyş eden Borrell, Gazadaky ýagdaý hakynda durup geçip; “Ysraýylyň özüni gorama hukugy bar hem bolsa, asuda ilatdan şeýle ýitginiň çekilmegini hiç kim kabul edip bilmez” diýdi.

Žosep Borrell, “7-nji oktýabrda Hamasyň guran hüjüminiň gyrgynçylykdygyny, emma Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň hem gyrgynçylykdygyny” beýan edip, “Bir elhençlik beýlekisiniň ýüzüni ýuwmaz” diýdi.

“Näçe gurban bar? Him kim bilenok? 15 müň diýilýär, emma belkem harabalyklaryň aşagynda has köp adam bar” diýen Borrell, halkara jemgyýetçiliginiň sebitde başdan geçirilýänlere günsaýyn has güýçli reaksiýa bildirýändigini we bu wagşyçylygyň togtadylmagyny isleýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar