Wengriýa ÝB-niň Ukrainanyň Bileleşige Agzalygy Üçin Gepleşiklere Başlamagyna Garşy

Wengriýa ÝB-niň Ukrainanyň bileleşige agza bolmagy üçin gepleşiklere başlanmagy hakyndaky teklibini goldamajakdygyny beýan etdi.

2071412
Wengriýa ÝB-niň Ukrainanyň Bileleşige Agzalygy Üçin Gepleşiklere Başlamagyna Garşy

Wengriýanyň Döwlet ministri Gergely Gulýas paýtagt Budapeştde metbugata beren beýannamasynda, “uruşda haraba öwrülen ýurduň” ÝB-ne agzalygy boýunça resmi gepleşiklere başlamak üçin irdigini aýtdy.

Gulýas, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB-niň liderlerinin sammitinde gepleşikleriň başlamagyna goldaw bermejekdiklerini beýan etdi.

“Dolulygyna ýerliksiz teklip” diýen Gulýas, Wengriýanyň Ukrainanyň Bileleşige agzalyk tapgyryny başlatmaga çagyrmak meselesinde “bilelikdäki karara” goldaw bermejekdigini aýtdy.

Gulýas ýurdunyň Kiýewe 50 milliard ýewrolyk uzak möhletli kömegi öz içine alýan ÝB-niň býujetiniň taýýarlamagy teklip edeýän üýtgetmeleri hem goldamajakdygyny beýan etdi.  



Degişli Habarlar