Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri täzeden başlady

Ysraýylyň goşuny Gaza sektorynda bir hepde dowam eden ynsanperwer arakesmäniň tamam bolandygyny we hüjümlerine ýaňadandan başlandygyny habar berdi

2071432
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri täzeden başlady

Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ylalaşygyň çäginde 24-nji noýabr güni irden güýje giren ynsanperwer arakesme şu gün irden tamam boldy. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda Hamasyň ynsanperwer arakesmäniň düzgünini bozandygy beýan edildi. Beýanatda: "Ysraýylyň goşuny Gaza sektorynda Hamasa garşy operasiýalaryna ýaňadandan başlady" diýip habar berildi. 

Gazadaky Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda hem ynsanperwer arakesmäniň tamamlanmagy bilen Ysraýylyň harby uçarlarynyň sebitiň üstünde uçmaga başlandygy mälim edildi. 

Beýanatda Ysraýyla degişli harby ulaglaryň bolsa Gazanyň demirgazygyna ot açandygy aýan edildi. 

Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki al-Megazi bosgun düşelgesindäki öýleriň birine guran hüjüminde 1 palestinaly ýogaldy, 4 adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň günortasyndaky Refah şäheriniň merkezindäki öýleriň birine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Gaza şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky En-Nasr etrapçasyndaky "En-Nasr" we "Rantisi" hassahanalarynyň töwereginde Ysraýylyň harby güýçleri bilen palestinaly toparlaryň arasynda ýaragly çaknyşyklar boldy.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ofisinden berilen beýanatda, Gaza ýaňadandan başladylan hüjümler bilen bagly Hamas günäkärlendi.

Hamasyň taraplaryň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda ysraýylly zenan ýesirleri boşatmandygy we Ysraýyla raketa atandygy öňe sürülen beýanatda: "Urşa gaýdyp gelmek bilen, Ysraýyl hökümetiniň söweşiň maksatlaryna ygrarlydygyny nygtarys. Maksatlar ysraýylly ýesirleriň azat edilmegi, Hamasy ortadan aýyrmak, Gazanyň Ysraýyla ýaňadandan howp döretmezligini ýola goýmak" diýip bellendi. 


Etiketkalar: #hassahana , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar