Ukrainada aşa sowuk howa sebäpli 10 adam ýogaldy

Ukrainada geçen hepdäniň ahyrynda täsirli bolan aşa sowuk howa sebäpli 10 adam ýogaldy, 23 adam hassahanada bejergi astyna alyndy

2069933
Ukrainada aşa sowuk howa sebäpli 10 adam ýogaldy

Ukrainanyň Odessa, Kiýew, Nikolaýew, Çerkassy, Kriwograd we Harkow sebitlerinde aşa sowuk howa gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirdi. 

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä aşa ýagan garly ýagyş we tupan sebäpli 14 uly ýol ulaglara ýapyldy, 16 sebitde elektrik toklar kesildi. 

Gar sebäpli kyn ýagdaýda galan ençeme ulag we adam halas edildi. 

Ýaramaz howa şertleri sebäpli Odessa, Harkow, Nikolaýew we Kiýew sebitlerinde jemi 10 adam ýogaldy, 2-si çaga 23 adam gipotermiýa sebäpli hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Sebitlerde ýaramaz howa şertleriniň täsiriniň ortadan aýrylmagy üçin işler geçirilýär, Nikolaýew we Kriwograd sebitinde 8 ýoluň ýapykdygy, 11 sebitdäki jemi 411 ýaşaýyş zolagynyň elektrik toklarynyň ýokdugy aýan edildi. 


Etiketkalar: #sowuk howa , #Ukraina

Degişli Habarlar