Ysraýylyň Baş Ştabynyň Başlygy Täze Hüjüm Meýilnamasyny Tassyklady

Ysraýylyň Baş ştabynyň Başlygy Herzi Halewiniň Hamas bilen çaknyşyklara berilen 3 günlük “ynsanperwer arakesmeden” soň Gaza Sektoruna garşy hüjüm meýilnamasyny tassyklandygy habar berildi.

2069048
Ysraýylyň Baş Ştabynyň Başlygy Täze Hüjüm Meýilnamasyny Tassyklady

Ysraýylyň goşunynyň sosial media hasaplaryndan Halewiniň 4 günlük “ynsanperwer arakesmäniň” gutarmagyndan soň Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy hüjüm meýilnamasyny tassyklandygy mälim edildi.

Premýer-ministri Binýamin Netanýahu hem düýn gabaw astyndaky demirgazyk Gaza baryp, “ynsanperwer arakesmeden” soň hüjümleriň dowam etjekdigini duýdurypdy.

Ol ýerde esgerlere ýüzlenip çykyş eden Netanýahu, “Soňuna çenli dowam ederis, “ýeňişe” çenli. Bizi hiç kim duruzyp bilmez” diýipdi.

Ysraýylyň goşunynyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerine Hamas bilen ýesirleriň çalşylmagy hakynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda anna güni irden başlap 4 gün “ynsanperwer arakesme” berilipdi.



Degişli Habarlar