ÝB, Gazada Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Alada Bildirýär

“Gazadaky adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin ädilen ilkinji ädim bolan bu meýilnama gynarnyksyz ýerine ýetirilmeli we möhledi uzadylmaly”

2068722
ÝB, Gazada Asuda Ilatyň Ýogalmagyna Alada Bildirýär

ÝB, Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde müňlerçe çaganyň we zenanyň başda durmagynda asuda ilatyň ýogalmagyna gynanç bildirýändigini mäli etdi.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borreliň ofisinden ÝB-niň adyndan berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygyny göz öňünde tutan ynsanperwer arakesmäniň berilmegine kanagatlanma bildirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Gazadaky adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin ädilen ilkinji ädim bolan bu meýilnama gynarnyksyz ýerine ýetirilmeli we möhledi uzadylmaly” diýildi.

Beýannamada “Ysraýylyň Gazadaky harby operasiýalaryndan soň 1 milliondan gowrak adam gidere ýeriniň ýokdygyna garamazdan öýlerini terk etdi. Günbatar Şeriada hem palestinalylara garşy aşa güýç ulanylmagy kabul edilmesiz” diýildi.

Beýannamada, ÝB-niň başyndan bäri Ysraýyly halkara hukuk kadalaryna laýyklykda özüni goramagyna goldaw berendigi ýatladylyp, “ÝB, müňlerçe çaganyň we zenanyň başda durmagynda asuda ilatyň ýogalmagyna alada bildirýär” diýildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 15 müňe golaý palestinaly ýogaldy.


Etiketkalar: #alada bildirmek , #Gaza , #ÝB

Degişli Habarlar