Baýden Netanýahu we Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2067774
Baýden Netanýahu we Sisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tamdan berilen maglumata görä Jo Baýden Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky ýesir alyş-çalşygy ylalaşygyndan hoşaldygyny beýan etdi. 

Gaza ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi meselesini ele alan Jo Baýden mundan başgada Günbatar Şeriada asudalygyň goralmagynyň ähmiýetini belläp geçdi. 

Jo Baýden Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Müsüriň ýesir alyş-çalşygy ylalaşygynyň baglaşylmagy ugrunda eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

ABŞ-nyň hiç bir ýagdaýda palestinalylaryň Gazadan ýa-da Günbatar Şeriadan zorluk bilen çykarylmagyna rugsat bermejekdigini aýdan Jo Baýden, Gazanyň gabalmagyna ýa-da Gazanyň serhetleriniň ýaňadandan çyzylmagyna rugsat bermejekdigini aýtdy. 

Iki lider mundan başgada Gaza has köp ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi babatynda ylalaşyga geldiler. 



Degişli Habarlar