ABŞ-na degişli uçar Ortaýer deňizine gaçdy

ABŞ-na degişli bir harby uçaryň 10-njy noýabrda Ortaýer deňizine gaçandygy habar berildi

2063365
ABŞ-na degişli uçar Ortaýer deňizine gaçdy

Merkezi Germaniýanyň Ştutgart şäherinde ýerleşýän ABŞ Ýewropa serkerdeliginden berilen beýanatda, Gündogar Ortaýer deňizinde tälim uçuşlaryny amala aşyrýan ABŞ-na degişli bir uçaryň anna güni agşam tötänleýin suwa gaçandygy mälim edildi. 

Maşgalalaryna hormat goýulmagy sebäpli heläkçilikde ejir çeken harby işgärler barada maglumat berilmejekdigi bellenen beýanatda, waka bilen bagly derňew işiniň geçirilýändigi, emma hadysanyň duşmançylykly aksiýalardan gözbaş alýandygy ýaly görünmeýändigi habar berildi. 

Ysraýylyň Gaza garşy giň gerimli hüjümler başlatmagyndan soň ABŞ-nyň goşuny Ortaýer deňizine iki uçargöter gämisi bilen birlikde giň göwrümli harby güýç ýygnapdy, emele getiren howa köprüsi bilen Ysraýyla ok-däri daşamak bilen bilelikde sebitde harby türgenleşikler başladypdy. 



Degişli Habarlar