Ysraýyl Çaknyşyklara 4 Sagat Arakesme Bermegi Kabul Etdi

Amerikanyň hökümeti Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektorunyň demirgazygyndaky asuda ilatyň çykmagy üçin hüjümlere her gün 4 sagat arakesme bermegi kabul edendigini habar berdi.

2062724
Ysraýyl Çaknyşyklara 4 Sagat Arakesme Bermegi Kabul Etdi

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk boýunça utgaşdyryjysy Jon Kirbi žurnalistlere beren beýannamasynda, Gazanyň demirgazygyndaky asuda ilatyň sebitden çykmagy üçin hüjümlere beriljek günlük 4 sagatlyk arakesmäniň 3 sagat öňünden yglan ediljekdigini aýtdy.

Arakesmeleriň ynsanperwer kömekleriň degişli ýerlere ýetirilmegine we palestinalylaryň “zyýan çekmän sebitden çykmagyna” şert döretjekdigini öňe süren Kirbi, “Şol arakesmeler esasanda asuda iloatyň çaknyşyklardan daşdaky howpsuz ýerelere barmaklary taýdan ýerlikli başlangyç” diýdi.

Ysraýylyň hökümeti bolsa ABŞ-nyň “çaknyşyklara ynsanperwer arakesme” berilmegi hakyndaky beýannamasyndan soň, onuň diňe asuda ilatyň Gaza Sektorunyň demirgazygyndan çykmagy üçin açan geçelgesiniň ulanylmagyny ýola goýjakdygyny we hüjümleriň dowam etjekdigini habar berdi.

Ysraýylyň Ministrler kabinetiniň ofisinden berilen ýazmaça beýannamada Gazada çaknyşyklaryň dowam edýandigine üns çekilip; “Ýesirlerimiz boşadylman, hüjümler bes edilmez” diýilýär.  

 



Degişli Habarlar