Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gazanyň merkezindäki al-Megazi bosgun düşelgesine garşy guran hüjüminde aglabasy zenan we çaga bolmak bilen jemi 51 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy

2060409
Ysraýylyň goşunynyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň goşunynyň al-Megazi bosgun düşelgesinde ýerleşýän Seman maşgalasynyň öýüni nyşana aldy. 

Hüjümde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat jemi 51 adam ýogaldy we köp sanda adam ýaralandy.

Ysraýylyň goşuny Indoneziýa hassahanasynyň töwereginede azyndan 15 howa hüjümini gurady. Tel Az-Zater sebitinde suw ammarlarynyň bombalanmagy netijesinde golaýdaky öýleri suw basdy. 

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň günbataryndaky Abu Hasira maşgalasynyň öýüne garşy guran hüjümleriniň netijesinde ýumrulan öýüň harabalyklarynyň aşagyndan 5 adamyň jesedi çykaryldy. 

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gazada ýene-de bir metjidi bombalady. Al-Ketibe sebitinde ýerleşýän Şeýh Zaýid Al Nahaýan metjidiniň bombalanmagy bilen Ysraýylyň Gaza garşy guran hüjümlerinde 55 metjit dolulygyna ýumruldy, 112 metjide bolsa bölekleýin ýagdaýda zeper ýetdi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýylyň Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddesliklerine garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşy garşylyk görkezmek maksady bilen giň gerimli hüjüm başladan bolsa, Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde Gaza garşy howa hüjümlerini başlatdy. 

Ysraýyl Gazadan guralan hüjümlerde 345-i esger jemi 1400 ysraýyllynyň öldürilendigini, 5 müň 132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň berýän habaryna görä 31-nji oktýabrdan bäri Gazadaky ýaragly çaknyşyklarda ýogalan esgerleriň sany 25-e çykan bolsa, Kassam toparynyň elinde 242 ysraýylly ýesir bar. Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada hem ysraýylly 1 esger ýogaldy. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän habaryna görä Ysraýylyň hüjümlerinde 3900-i çaga, 2509-y zenan jemi 9500 palestinaly öldürildi, azyndan 24 müň palestinaly bolsa ýaralandy. 

Günbatar Şeriada we Iýerusalimde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri we jöhit ýaşaýjylar 144 palestinalyny öldürdi. 



Degişli Habarlar