Gaza Ýene-de 102 Konteýner Kömek Bardy

Rafah gümrük geçelgesinden gabaw astyndaky Gaza Sektoruna ýene-de 102 ynsanperwer kömek konteýneri bardy

2059936
Gaza Ýene-de 102 Konteýner Kömek Bardy

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Rafah gümrük geçelgesinden gabaw astyndaky Gaza Sektoruna ýene-de 102 ynsanperwer kömek konteýneriniň barandygyny habar berdi.

Berilen ýazmaça beýannamada toparlaryň Müsüriň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan ugradylan 102 konteýner ynsanperwer kömegini Rafah gümrük geçelgesinde kabul edip alandygy mälim edildi.

Beýannamada 46 konteýnerde azyk, 11 sanysynda suw, 4 sanysynda derman, 11 sanysynda lukmançylyk enjamlary, 4 sanysynda odeal, 2 sanysynda egin-eşik, 24 sanysynda bolsa dürli kömek serişdeleriniň bardygy habar berildi.

Sebite häzirki wagta çenli 374 ynsanperwer konteýneriniň baradygy mälim edilip, ýangyjyň geçirilmegine rugsat berilmändigi beýan edildi.

Ysraýylyň Gaza Sektoruna başladan hüjüminden 2 hepde soň Rafah gümrük geçelgesinden ilkinji gezek 21-nji oktýabrda esasy bölegi lukmançylyk enjamlaryndan we azyk önümlerinden ybarat bolan 20 konteýnerlik ilkinji kömek kerweni sebite barypdy.



Degişli Habarlar