Ankara Bilen Işleşmäge Dowam Ederis

ABŞ Türkiýaniň NATO-nyň “esasy” agzalaryndan biridigini nygtan, ýaranlygyň güýçlendirilmegi üçin resmi Ankara bilen işeşmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi.

2058029
Ankara Bilen Işleşmäge Dowam Ederis

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Metbugat sekretary Metýu Miller Prezident R.T.Erdoganyň Hamasyň terror guramasy däldigini beýan etmeginden soň Türkiýäniň NATO-nyň hataryndan çykarylmagy hakyndaky çagyryşlar bilen bailen bagly soraga; “Şeýle garaýyş tapawutlyklarymyza garamazdan Türkiýäniň NATO-nyň esasy agzalaryndan biridigini aýdasym gelýär” diýip jogap berdi.

Ýaranlygyň güýçlendirşlmegi üçin resmi Ankara bilen işleşmäge dowam etjekdiklerini aýdan Miller, Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna berilendigini ýatlatdy.

Miller; “NATO-nyň güýçlendirilmegi üçin Türkiýe bilen işleşmäge dowam etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, onuň Şwesiýanyň NATO agzalygynyň gysga möhletde iş ýüzüne geçirilmegini hem öz içine alýandygyny nygtady.

Şol düşnüşmezligiň Türkiýäniň hökümeti bilen başdan geçirilýän düşnüşmezlik däldigini nygtan Miller, emma Türkiýäni henizem NATO-nyň döredijilikli we goşant goşujy agzasy hökmünde kabul edýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar