Fransiýa, Gaza Üçin Gämi Hassahanasyny Ugratdy

Tonnerre atly gämi hassahanasy, düýn ýerli wagt bilen 16.00-da Fransiýanyň Toulon portundan Gaza tarap ugrady.

2056296
Fransiýa, Gaza Üçin Gämi Hassahanasyny Ugratdy

Fransiýa, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli Gaza üçin gämi hassahanasyny ugratdy.

BFMTW-niň berýän habaryna görä, Tonnerre atly gämi hassahanasy, düýn ýerli wagt bilen 16.00-da Fransiýanyň Toulon portundan Gaza tarap ugrady.

Gämi hassahanasynda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri guraýan bombaly hüjümlerinde ýaralananlar bejerler.

Ysraýylyň Gaza guraýan agyr howa hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 6 müňden gowrak adam ýogaldy.

Hüjümler sebäpli Gazada agyz suwy, azyk we ýangyç ýetmezçiligi başdan geçirilýär.


Etiketkalar: #hassahana , #Gaza , #Fransiýa

Degişli Habarlar