Ysraýyllylar Söweşden Soň Netanýahunyň Wezipesinden Çekilmegini Isleýär

“Ýedit Ahronot” gazeti, 1442 adamyň arasynda sowalnama geçirdi.

2054720
Ysraýyllylar Söweşden Soň Netanýahunyň Wezipesinden Çekilmegini Isleýär

Ysraýylda geçirlen sowalnama görä, sowalnama gatnaşanlaryň 66 göterimi 7-nji oktýabrda goýberlen ýalňyşlyklar sebäpli Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň söweşden soň wezipesinden çekilmegini isleýär.

Ysraýylyň “Ýedit Ahronot” gazeti, ýurtda 18 ýaşyny dolduran 1442 adamyň arasynda sowalnama geçirdi.

Sowalnama gatnaşyjylaryň 75 göterimi, 7-nji oktýabrda Hamasyň Kassam atly harby toparynyň başladan “Aksa tupany” operasiýasyndan howpsuzlyk taýdan goýberlen ýalňyşlykdan Premýer-ministr Netanýahunyň jogapkärdigine ynanýar.

Sowalnama gatnaşanlaryň 66 göterimi bolsa Binýamin Netanýahunyň söweşden soň wezipesinden çekilmegini, 64 göterimi bolsa Ysraýylyň Mejlisiniň söwden soň öz işini bes etmegini we saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.

Ozalky saýlawda Netanýahunyň Likud partiýasyna ses berenleriň 45 göterimi hem söweşiň yzy ýanyndan saýlawlaryň geçirilmegini isleýär.



Degişli Habarlar