ABŞ, Ýakyn Gündogardaky Harby Güýçlerini we Hünärmenlerini Goramaga Taýar

Blinken,NBJ teleýaýlymyna beýannama berdi

2054388
ABŞ, Ýakyn Gündogardaky Harby Güýçlerini we Hünärmenlerini Goramaga Taýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ABŞ-nyň, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy möwjän halatynda Ýakyn Gündogardaky Amerikan güýçlerini we hünärmenlerini goramaga taýardyklaryny aýtdy.

NBJ teleýaýlymyna beýannama beren Blinken, ABŞ-nyň Ysraýyl-Palestina çaknyşygyna Eýranyň goşulmagyna garaşýandygyny nygtap, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, sebitdäki Amerikan güýçleri we hünärmenleri nyşana alynan halatynda degişli gaýtawuly görkezmäge taýardygyny nygtady.

Blinken, “Biz, dartgynlygyň möjemegini islemeýäris. Harby güýçlerimize ýada hünärmenlerimize od açylmagyny hem islemeýäris. Emma eger şeýle bolan halatynda degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.

Eýranyň, sebitdäki Amerikan güýçlerine we hünärmenlerine garşy guraýan hüjümlerininiň artmagyna garaşýandyklaryny aýdan Blinken, “Esgerlerimiziň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin degişli taýarlyklary gördük”diýip belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, sebitde 2 uçar gämi bilen birlikde goşmaça harby güýjüň ugradylandygyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar